Türkmenistanda çagalar guramasy we mekdeplerde psiholog mugallymy wezipesi dörediler

  • 09.04.2020 09:59
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidenti 8-nji aprelde geçiren iş maslahatynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öz işini 14-den uly ýaşdaky nesillere niýetläp alyp barýandygyny aýdyp, orta mekdepleriň 7 — 14 ýaşly okuwçylaryny özünde birleşdirýän Türkmenistanyň «Altyn nesil» atly çagalar guramasynyň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi.
Şeýle hem mekdep okuwçylarynyň psihologik aýratynlyklary esasynda okuw-terbiýeçilik işlerini ýola goýmak maksady bilen, okuwçylarynyň sany 300-den geçýän orta mekdeplerde psiholog mugallymyň wezipesini girizmek meselesi öwrenilmelidir.
Gurbanguly Berdimuhamedow bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekip, bu ulgam üçin häzirki zaman toplumlarynyň gurluşygyny we maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işlerini dowam etmegi tabşyrdy.

düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......