2020-nji ýylyň Bütindünýä awtomobili atlandyryldy

  • 08.04.2020 23:55
  • 8.7k+

“World Car of the Year” bäsleşiginiň 16 ýyllyk taryhynda ses bermäniň netijeleri ilkinji gezek awtoşouda däl-de, internetde onlaýn görkezme režiminde geçirildi.
“Ýylyň bütindünýä awtomobili” bäsleşiginiň ýeňijisi koreý brendiniň awtomobili, ýagny Kia Telluride krossoweri boldy diýip tarantas.news habar berdi.
“Ýylyň dizaýny” nominasiýasynda Mazda 3 ýapon awtomobili lider boldy. Porsche Taycan iň gowy sport awtomobili we lýuks derejesinde iň gowy awtomobil diýlip yglan edildi. Ýeri gelende aýtsak, bäsleşigiň taryhynda ilkinji gezek “ýylyň sportkary” nominasiýasyna elektromobil mynasyp bolýar. 2020-iň iň gowy şäher modeli Kia Soul EV boldy.
Ýatladyp geçsek, “Ýylyň bütindünýä awtomobili” titullarynyň sany boýunça Volkswagen nemes kompaniýasy hemme kompaniýalardan öňde durýar. Brend bäsleşigiň dört gezek ýeňijisi boldy: 2009 – Golf VI, 2010 – Polo, 2012 – UP!, 2013 – Golf VII.
Audi nemes brendiniň (A6 – 2005 we A3 – 2014), Jaguar britan brendiniň (F-PACE – 2017 we I-PACE – 2019) hem-de Mazda ýapon brendiniň (Mazda 2 – 2008 we Mazda MX-5 – 2016) modelleri ýylyň awtomobili diýlip iki gezek yglan edildiler. Bir gezekde esasy tituly BMW (3-nji seriýanyň – 2006), Lexus (LS460 – 2007), Mercedes-Benz (C-Class – 2015), Nissan (LEAF – 2018), Volvo (XC60 – 2018) brendleri almagy başardylar.
Geçen ýyl “World Car of the Year” Baş-baýragyna Jaguar I-Pace britan elektrik krossoweri mynasyp boldy. Belläp geçsek, 2020-nji ýylyň iň gowy ýewropa awtomobili diýlip Peugeot 208 (281 bal gazandy) fransuz hetçbegi yglan edildi. Kümüş medal Tesla Model 3-e (242 bal) degişli boldy. Porsche Taycan Ýewropada üçünji ýeri eýeledi (222 bal).

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....