Pekinde awtosalony geçirmek boýunça täze seneler atlandyryldy

  • 07.04.2020 21:13
  • 3.3k+

Koronawirus sebäpli soňa goýlan Pekin halkara awtosalony üstümizdäki ýylyň 26-njy sentýabryndan 5-nji oktýabra çenli aralykda geçiriler, ýagny ol 9 gün dowam eder, bu barada onuň guramaçylary duşenbe güni habar berdiler.
Ilkibaşda awtoşüweleňi aprel aýynyň 21-inden 30-y aralygynda geçirmek meýilleşdirilipdi, ýöne fewralda Hytaýy gurşap alan koronawirus sebäpli çäräniň ýazda geçirilmejekdigi belli boldy. Häzirki wagtda Hytaýdaky ýaşaýyş ýuwaş-ýuwaşdan gowulanyp başlady,  COVID-19-yň ikinji gezek ýaýramak ähtimallygyna garamazdan, ýurduň köp etraplary açylyp başlandy, kompaniýalar özleriniň önümçiligini işe girizýärler, ýöne häzirlikçe awtomobile bolan islegler pes.
Şol bir sebäp bilen Ženewada hem, Nýu-Ýorkda we Detroýtde hem birnäçe awtoşüweleňler ýatyryldy diýlip autorambler saýtynda bellenilýär. Oktýabra meýilleşdirilen Pariždäki awtoşüweleňiň guramaçylary onuň formatyny üýtgetmeli boldular, ýagny premýeralaryň köpüsi onlaýnda geçmeli. Moskwadaky awtosalon awgusta süýşürildi, ýöne heniz geçiriljekdigi hem näbelli.
Pekindäki awtosalon – Frankfurt we Detroýt awtosalonlary bilen bir hatarda dünýäde iň uly awtoşoularyň biri hasaplanylýar. Ol 1990-njy ýyldan bäri Şanhaýdaky awtosalon bilen gezekleşdirilip her iki ýyldan bir gezek geçirilýär. Şu ýylda geçiriljek awtoşüweleň hasap boýunça 16-njy bolar.

düýn 09:56
2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.6k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....