Tesla ýylyň birinji çärýeginde 88 müňden gowrak elektromobili satdy

  • 05.04.2020 12:46
  • 4.2k+

Tesla amerikan kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýeginde satyn alyjylara öz elektromobilleriniň 88 müňden gowragyny satdy. Degişli maglumatlar kompaniýa tarapyndan penşenbe güni neşir edilen önümçiligiň göwrümi we ýola goýluşy boýunça çärýek hasabatynda saklanylýar.
Täze koronawirus pandemiýasyna garamazdan, 2020-nji ýylyň ilkinji üç aýynda Tesla öz satyn alyjylaryna 88 400 sany elektromobili satdy. Olaryň köp bölegini, ýagny 76 200 sanysyny has ykjam bolan Model 3 we Model Y elektromobilleri düzýär. Mundan başga-da, Model S we Model X-den 12 200 sany elektromobil satyldy. Bu markanyň taryhynda iň üstünlikli birinji çärýek boldy. Rekord Şanhaýda kärhananyň açylmagy we Tesla Model Y elektromobiliniň wagtyndan öň satylyp başlanmagy bilen gazanyldy, diýip ТАСС habar berýär.
Teslanyň kärhanalarynyň tutuş dünýä boýunça umumy önümçiligi ýylyň birinji çärýeginde 102 672 elektromobile barabar boldy. “Bu biziň birinji çärýek boýunça iň gowy görkezijimiz” – diýlip, Palo-Altoda (Kaliforniýa ştaty) esaslandyrylan kompaniýanyň bildirişinde görkezilýär. Geçen ýyl oňa konweýerden 77 100 sany awtomobili çykarmak başartdy, olardan 63 müňüsi satyldy.
Eger-de Tesla şu dinamikany saklasa, onda häzirki çärýekde önümçiligiň 120 müň awtomobile çenli artmagyna garaşmak bolýar. Ýanwar-mart girdejileri boýunça hasabat apreliň ahyrynda berilýär. 
Tesla telekeçi Ilon Mask tarapyndan 2003-nji ýylda esaslandyryldy. Kompaniýanyň ştab kwartirasy Palo-Altoda ýerleşýär. Ilkibaşda bu firma elektromobilleriň önümçiligine ýöriteleşdirildi, ýöne soňrak kompaniýa Gün batareýlerini we beýleki energiýa toplaýjy sistemalary döretmek bilen hem meşgullanyp başlady.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....