Türkmenistanyň Prezidenti nebit önümleri ýerlemegiň amatly bazarlaryny gözlemegi tabşyrdy

  • 04.04.2020 17:12
  • 7.6k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça nebitgaz toplumynda esasy görkezijileriň ýerine ýetirilendigine garamazdan, olaryň käbiriniň geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda ösüş depgininiň peselendigini aýtdy.
Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz toplumyň öňünde goýlan möhüm meseleleri üstünlikli ýerine ýetirmek we konsernleriň önümçilik işini dünýäde uglewodorod serişdeleriniň bahalarynyň pese gaçmagy bilen bagly ýagdaýlara uýgunlaşdyrmak üçin gaýra goýman, degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmennebit» döwlet konserniniň Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän nebitgaz toplumlaryny özleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Bu toplumlaryň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak arkaly daşary ýurt maýa goýujy ýöriteleşdirilen kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak möhümdir.
«Türkmengaz» döwlet konserni boýunça önümçiligiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz tebigy gazyň we gazhimiýa önümleriniň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça täze bazarlary öwrenmegi, önümleri ýerlemekden ýurdumyza gelip gowuşýan gyzyl puldaky serişdeleriň meýilnama laýyklykda alynmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany täze gurulmagy meýilleşdirilýän gazhimiýa toplumlarynyň ykdysady taýdan netijeliligini esaslandyrmak üçin ýörite barlaglary geçirip, teklipleri bermegiň möhümdigini nygtady.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy boýunça nebitiň, kondensatyň we dag magdanlarynyň täze gorlaryny gözläp tapmak üçin meýilnamalarda göz öňünde tutulan işleri doly hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklar berildi.
Türkmen Lideri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işi bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçip, nebit önümleriniň halkara bazarlaryny düýpli öwrenmegiň, marketing barlaglaryny geçirip, bazarlarda isleg bildirilýän önümleriň sanawyny kesgitlemegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow nebit önümleriniň bahasy pese düşen häzirki döwürde bu önümleri ýerlemegiň amatly bazarlaryny gözlemegiň zerurdygyny aýtdy.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......