Ekspertler mart aýy boýunça iň meşhur operasion sistemalary we brauzerleri atlandyrdylar

  • 03.04.2020 09:07
  • 4.1k+

Netmarketshare kompaniýasy üstümizdäki ýylyň mart aýy boýunça iň meşhur operasion sistemalary we brauzerleri baradaky hasabatyny neşir etdi. Dokumentde Microsoft Edge brauzeri bellenilýär, bu barada astera.ru habar berýär. Bu brauzere geçen aýda öň ikinji ýerde duran Mozilla Firefox-dan öňe geçmek başartdy.
Microsoft Edge mart aýy boýunça ikinji meşhur brauzer boldy, sanawda liderligi heniz hem Google Chrome saklaýar. 
Mart aýynda bu brauzeriň paýy 68,5%-e çenli ösdi, Microsoft Edge brauzeriniň paýy bolsa 7,59%-e barabar. Mozilla Firefox barada aýdylanda, bu brauzer 7,19% paý bilen üçünji boldy. Dördünji orunda bolsa 5,87% görkeziji bilen Internet Explorer ýerleşdi.
Microsoft korporasiýasy Windows 7-ni götermegini bes edenden soň, ulanyjylaryň köpüsi Windows 10-a geçýärler. Hasabatdaky maglumata laýyklykda, bu operasion sistema dünýä bazarynyň 57,34%-ni eýeleýär, onuň yzysüre 26,23% görkeziji bilen düýbüni tutujy operasion sistema gelýär. Üçünji orunda Windows 8.1 ýerleşýär, Pk-leriň, noutbuklaryň we netbuklaryň eýeleriniň 3,6%-i bu operasion sistemany makul hasapladylar. Bu operasion sistemadan soň bazaryň 2,62% paýy degişli bolan MacOS X 10,14 gelýär. 

düýn 15:15
971

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.4k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......