2020-nji ýylda dünýä awtobazary 14% pese düşüp biler

  • 02.04.2020 19:18
  • 4.6k+

Moody’s halkara reýting agentligi 2020-nji ýylyň fewralynda dünýä bazarynda ýeňil ulaglaryň ýyllyk satuw möçberiniň 2,5% pese düşjekdigini çaklapdy, indi bolsa bu görkeziji 14%-e ýetdi. Agentligiň çaklamasynda bellenilişi ýaly, awtoulaglara bolan isleg esasan Günbatar Ýewropada pese düşer, ol ýerde awtomobilleriň satuwy 21% azalar, bu barada tarantas.news habar berýär. Öň Moody’s satuw 4% pese düşer diýip çaklapdy. Agentlik satuwyň indiki ýyla çenli dikeljekdigini aýdýar. Çaklamada ulaglaryň satuwy pese düşenden soň, onuň yzysüre Ýewropa öndürijileriň girdejileriniň hem pese düşjekdigi bellenilýär.
Ýeňil awtomobilleriň satuwy ABŞ-nyň bazarynda 2020-nji ýylda 15% peseler. Öň bu görkeziji 1,2% bolar diýlip çaklanylýardy. Mundan başga-da, satuwlar Ýaponiýada hem aşak düşer, ýagny olar 8% azalar, bu bolsa öňki 0,4% diýlip çaklanyndan ep-esli üýtgeýär.
2020-nji ýylda Hytaýdaky satuwlar 10% pese düşüp biler, geçen gezek ol 2,9% bolar diýlip hasap edildi.
Ýatladyp geçsek, fewralda dünýä awtomobil bazarynyň 19,9% pese düşendigi bellige alyndy, ýagny satuwyň jemi göwrümi 5 077 000 sany ýeňil ulaglara we ýeňil söwda TC-lerine barabar boldy. Üstümizdäki ýylyň ilkinji iki aýynyň içinde, LMC Automotive kompaniýasynyň maglumatlary boýunça, dilerlere tutuş dünýäde 11 565 000 sany ulag satmak başartdy (2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende -14,8%).
Şol bir wagtda şu ýylda Germaniýada ykdysadyýet hem 5,4%, Italiýada – 4,5%, ABŞ-da – 4,3%, Beýik Britaniýada – 3,9% we Fransiýada – 3,5% pese düşer.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....