Ford bilen GM elektrokarlardan ýüz öwürýärler

  • 31.03.2020 23:54
  • 4.2k+

Reuters agentliginiň habar bermegine görä, Detroýtdan iki awtoöndüriji, ýagny Ford bile GM elektrikleşdirilen ulaglaryň ösdürilmegini özleriniň strategik meýilnamalaryndan aýyrdylar. Bu kompaniýalar geljekde köp elektromobilleri çykarmaga söz berendiklerine garamazdan, özleriniň girdejili awtomobillerinden we pikaplaryndan ýüz öwürmegi meýilleşdirmeýärler. Umumy alanyňda Ford bilen GM her ýylda 5 mln-a çenli dürli krossowerleri we adaty ýoldan daşary ulaglary çykarmakçy bolýarlar, bu barada car.ru habar berýär.
Elektromobilleriň paýyna jemi 365 sany düşýär. Iki kompaniýanyň hem pikiriçe, 2026-njy ýyla çenli dünýä ekologik ulaglaryň köpçülikleýin ýaýradylmagyna taýýar bolup bilmez. Şu ýerde Tesla kompaniýasynyň geçen ýyl boýunça 325 müň elektrokar taýýarlandygyny belläp geçmeli. GM we Ford kompaniýalarynyň önümçilik meýilnamasyna laýyklykda, 6 ýyldan elektromobilleriň paýyna iki konserniň satuwynyň umumy möçberinden 5% düşer.
Käbir žurnalistler bu bildirişlere geň galýarlar, sebäbi ýaňy-ýakynda-da Ford bilen General Motors her ýylda 1 mln-a çenli ekologik ulaglary öndürmek bilen elektrik we gibrid awtomobillerini ösdürmek ugrundan gitjekdiklerini mälim etdiler.
Ford-yň ýolbaşçysy kompaniýanyň 2022-nji ýyla çenli 40 töweregi gibrid we doly elektrik ulaglaryny hödürlemäge taýýar boljakdygyny aýtdy, olar bu işe 11 mlrd dollar sarp ederler. Şol bir wagtda General Motors kompaniýasynyň müdiri Meri Barra hem konserniň 2023-nji ýyla çenli elektromobilleriň 20 sany täze modellerini görkezjekdigini habar berdi.

şu gün 09:56
1.4k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....