Täze Mitsubishi Pajero 2021-nji ýylda peýda bolar

  • 31.03.2020 05:54
  • 6.3k+

Ýatladyp geçsek, 2019-njy ýylda Mitsubishi ýapon markasy adaty ýoldan daşary niýetlenilen dördünji nesliň Pajero awtomobilini çykarmak işlerini bes edýändigini aýdypdy. Indi bolsa bäşinji nesliň Mitsubishi Pajerosynyň indiki ýyl peýda boljakdygy barada maglumat peýda boldy. Onuň premýerasy 2021-nji ýylda geçiriler, 2022-nji ýylda bolsa onuň satuwyna başlanylar diýip avtonovostidnya.ru saýty habar berýär.
Deslapky maglumatlara laýyklykda, “bäşinji” Mitsubishi Pajero ramadan mahrum ediler we Nissanyň tehnologiýalaryny ulanmak bilen döwrebap modul platformasynda gurnalar. Netijede ol ýedi orunlyk, doly ölçegli krossower bolar, ol göwrümi boýunça-da, bahasy boýunça-da “goňşy” Outlander krossowerinden öňe geçer.
Bu täze awtomobiliň häsiýetleri barada diňe çaklamak bolýar, ýöne NJCar.ru portalynyň habar bermegine görä, täze Pajeronyň motor gammasyna Outlander PHEV-iň 2,0 litrlik 128-güýçli içki ýanma hereketlendirijisini we yzky we öňdäki oklardaky degişlilikde 82 we 95 a.g kuwwatlykly iki sany elektromotoryny birikdirýän güýçli gurluş girer.
Pajeronyň prototipi Mitsubishi GC-PHEV konsept-kary görnüşinde 2013-nji ýylda Tokiodaky awtosalonda görkezildi. Şonda konsepsiýa 3,0 litrlik V6 turbo hereketlendirijisiniň binýadyndaky güýçli gibrid gurluşy bilen üpjün edildi. Gibridiň ahyrky kuwwaty 340 a.g barabar boldy.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....