Iň “çydamly” arzan awtomobilleriň reýtingi düzüldi

  • 26.03.2020 18:56
  • 7.3k+

Ekspertler hiç hili döwülmezden 400 müň kilometri geçmäge ukyply bolan arzan awtomobilleriň reýtingini düzdüler. Iň “çydamly” ulaglaryň sanawynda birinjilik Renault-a degişli boldy, bu barada tarantas.news habar berýär.
Bu ulagyň K-seriýasynyň güýçli gurluşlary özüniň ýönekeýligi we ygtybarlylygy bilen haýran galdyrýar. Bu awto modeliň häsiýetine baglylykda kuwwatlylygy 82-108 at güýjünde bolan 1,6 litr göwrümdäki 8 (K7) we 16 (K4) klapanly güýçli gurluş bilen çykarylýar. Iň “çydamly” ulag hökmünde Renault Logan, Sandero we Stepway tapawutlanýar. Olaryň yzyndan Kia Rio, Hyundai Creta we Solaris gelýär. Bu ulaglar 1,4-1,6 litr göwrümli G4FC lineýkasynyň hereketlendirijilerine eýe boldular. Güýçli gurluş we konstruksiýa bu modellere hiç hili abatlaýyş işlerini geçirmezden uzak aralyklary geçmäge kömek edýär. Ulagy abat saklamagyň esasy düzgüni – bu tehniki hyzmatlary wagtynda geçirmekdir. Şular ýaly gurluşlar Kia Ceed, Soul, Cerato, Hyundai Elandtra ulaglarynda hem özlerini görkezdiler.
“Çydamlylaryň” sanawyna Toyota RAV4 parketnikleri-de girizildi. Güýçli gurluşlar bu krossowerlere hiç hili tehnik hyzmatlaryna ýüz tutmazdan ýarym million müň kilometre çenli ýoly geçmäge mümkinçilik berýär. Ygtybarlylara Toyota Camry sedany hem degişli edildi. Bu ulag ýaramaz ýollardaky hereketi bilen özüni görkezdi.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....