ABŞ Saud Arabystan bilen nebit bileleşigini döreder

  • 23.03.2020 18:28
  • 4.9k+

ABŞ-nyň nebitçileri nebitiň dünýä bahasyny sazlamak we energetik döwlet hökmünde Russiýanyň täsirini gowşatmak üçin Saud Arabystany bilen şertnama esasynda birleşik döretmek isleýärler. Olar şu başlangyç bilen Trampyň edarasyna çykarlar, bu barada “The Wall Street Journal” neşiri habar berýär.
Neşiriň maglumatlary boýunça, nebitiň dünýä bazarynda ýerleşiş güýjüni düýbünden üýtgedýän bu pikir ABŞ-nyň Energetika ministrliginde ýüze çykýar. Ýolbaşçylar araplar bilen birleşigiň birnäçe wariantyny taýýarladylar. Esasanam, olar nebitiň milli ätiýaçlyklarynyň ulanylmagyny we hatda Er-Riýadyň OPEK-den çykmagyny hem muňa girizýärler.
Taslamanyň esasy maksady Amerikany nebit pudagynda çökgünlikden çykarmakdan we Saud Arabystanynyň Russiýa bilen hyzmatdaşlygyny gowşatmakdan ybarat.
Amerikanyň Hökümetine entek bu meýilnamalar ýetirilenok. Taslama ministrlikde maslahatlaşylýar, ýöne ol heniz energetika ministri we prezident tarapyndan goldananok.
Häzir Tehasyň regulýatorlary onýyllygyň içinde ilkinji gezek nebiti gazyp almagy azaltmalymy ýa-da däldigini çözýärler, çünki ABŞ-da öndürijiler bahalaryň rekord görkeziji derejede çökmeginden kösenýärler.
Öň, Rambler Trampyň edarasynyň nebit bazaryndaky ýagdaýa goşulmak mümkinçiligini gözden geçirýändigini habar berdi. Şonda ABŞ Er-Riýady nebiti gazyp almagy azaltmaga mejbur etmek we Russiýa garşy ýene-de sanksiýa girizmek isläpdi.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......