Eýranyň öz elektrokary peýda boldy

  • 21.03.2020 19:14
  • 4.6k+

Eýranyň Iran Khodro awtomobil kompaniýasy özüniň taryhynda Runna Electric adyny alan ilkinji elektromobilini taýýarlady.
Runna Electric kärhanada seriýaly çykarylýan we Peugeot 206 fransuz sedanynyň özgerdilen görnüşini özünde jemleýän Runna sedanynyň esasynda gurnalan. Elektrokar kompaniýanyň hususy işläp taýýarlan güýçli gurluşyna eýe boldy, onuň tehniki häsiýetleri heniz mälim edilenok. Belli bolşy ýaly, sygymy 30 kWt/sag bolan tirkeg batareýi kuzowyň aşagynda ýerleşen we ol salonyň göwrümine hiç hili täsir etmeýär.
Geň ýeri, öň eýran kärhanalary hiç haçan hususy, hatda beýleki brendler bilen hyzmatdaşlykda hem elektrikleşdirilen ulaglaryny öndürmeýärdi.
Doly zarýadlanan ýagdaýynda Runna Electric 220 km-e çenli ýoly geçip bilýär. Enjamlaşdyrylan ýagdaýynda elektrik model benzinli içki ýanma hereketlendirijili Runna sedanyndan 100 kg agyrdyr.
Kompaniýa Runna Electric-iň seriýaly önümçiligini geljek iki ýylyň içinde ýola goýmagy meýilleşdirýär. Döwlet maliýeçileriniň pikiriçe, elektrik awtomobili innowasion senagatynyň esasy pudaklarynda Eýranyň täsirini ýuwaş-ýuwaşdan giňeltmeli, çünki ýurda sanksiýa girizilen, şonuň üçin alymlaryň bu ugurdan özleri baş alyp çykmaly.

düýn 09:56
1.9k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.6k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....