Kia täze «Kia Sorento» awtomobilini hödürledi

  • 19.03.2020 22:48
  • 3.8k+

Kompaniýanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Kia Sorentonyň dünýä boýunça tanyşdyrylyşy Facebook internet torunda göni translýasiýa görnüşinde geçer, bu barada tarantas.news habar berýär.
Koreý kompaniýasynyň koronawirus epidemiýasynyň ýaýrawy zerarly Ženewa awtosalony ýatyrylandan soň şeýle karara gelendigi habar berilýär. Sorento-nyň dördünji nesli – bu 2014-nji ýylda üçünji nesli görkezilenden alty ýyl geçenden soň çykarylan täze model. Eger-de bu kämilleşdirilen modeliň daşky görnüşi barada gürrüň etsek, täzelenen Kia Sorento-nyň radiator gözenegi has çylşyrymly forma eýe boldy we “gaplaňyň ýylgyryşy” firma stilinde ýerine ýetirildi. Täze yşyk diodly optika ýüze çykdy. Wertikal fonarlar keseleýin fonarlaryň ýerini çalşyrmak bilen onuň yzky tarapyny hem birneme üýtgetdi, nomer belgili tablisanyň astynda iri “Sorento” diýen ýazgy peýda boldy.
Interýer ergonomikanyň, gymmat bezegiň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň sazlaşdyrylmagy bilen şöhlelendirilen täze “funksional duýgurlyk” konsepsiýasy boýunça işlenilen. Aşagynda klimatik gurluşy dolandyrmagyň sensor blogy ýerleşen uly sensor displeýli täze informasion-güýmenje sistemasy ünsi has hem özüne çekýär. Merkezi ötükde smartfonlar üçin simsiz zarýadka, geçirijileri birikdirmek üçin şaýba we hereket režimini saýlama selektory hem bar.
Täze Sorento täze platformada ýerine ýetirilen, onuň motor bölümi has ykjam gurluşa eýe boldy, teker bazasy 35 mm artdy (2815 mm çenli), uzynlygy 10 mm artdyryldy (4810 mm çenli).
Ýewropa, demirgazyk amerikan we koreý bazarlarynda awtomobil 1,6 litrlik T-Gdi benzin turbomotoryndan, 60-güýçli elektrik hereketlendirijiden we litiý-ion polimer akkumulýatordan ybarat bolan güýçli gibrid gurluşy bilen elýeterli bolar. Sistemanyň umumy netijeliligi 230 at güýjüne barabar.
Kia kompaniýasynda biraz soňrak alternatiw motorlar, şol sanda benzin hereketlendirijileri we zarýadlanylýan gibrid barada informasiýa peýda boljakdygyny aýtdylar. Ikinji hökmünde binýadynda 1,6 litrlik turbomotor bolan güýçli gurluş çykyş eder, şeýle gurluşyň umumy kuwwatlylygy barada maglumat heniz ýok. Kompaniýada bellenilişine görä, täze Kia Sorento-nyň önümçiligi 2020-nji ýylyň ahyrynda başlar. Onuň seriýaly önümçiligi Kia-nyň Jorjiýa ştatynyň (ABŞ) Uest-Poýntdaky kärhanasynda, şeýle-de Günorta Koreýada Hwasungdäki kärhanada ýola goýular.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....