Gurbanguly Berdimuhamedow çap edilýän gazet-žurnallary elektron we internet görnüşine geçirmegi tabşyrdy

  • 19.03.2020 22:03
  • 4.9k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler B.Abdyýewanyň hem-de B.Öwezowyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleri baradaky meselä degip geçdi. Döwlet Baştutany kompýuterleriň döwründe doglan we önüp-ösen ýaşlaryň gyzyklanmalarynyň içgin öwrenilmeginiň zerurdygyny nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow maglumatlary ýaýratmak üçin planşetlerden we smartfonlardan başlap, telewizorlara çenli kabul ediji enjamlaryň dürli görnüşlerinde maglumatlaryň elýeterliligini üpjün edýän täze çemeleşmeleri we çözgütleri peýdalanmagyň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutany, mysal hökmünde, wise-premýerlere metbugat neşirleriniň birini elektron görnüşinde açyp görkezip, onuň okyjy üçin örän bähbitli bolýandygyna ünsi çekdi. Munuň çap etmek önümçiligi bilen deňeşdirilende, wagt taýdan-da, serişde taýdan-da tygşytlylygy üpjün etmek bilen birlikde, olaryň çatylyp goýulma görnüşinde ýer tutmaýandygy babatda hem, islendik pursatda elýeterlidiginde, täzelikler bilen onlaýn ýagdaýda tanyşmaga mümkinçilik berýändiginde tapawutly aýratynlygy bardyr.
Mundan başga-da, milli Liderimiz elektron gazetleriň kagyz görnüşindäkiden tapawutlylykda, maglumatlar bilen işlemek üçin has amatlydygyny belledi — elektron gazetleriň üsti bilen gözleýän zadyňy tapmak aňsat, degişli ugurlaryňa ýa-da elektron we internet serişdelerine geçmek mümkin. Döwlet Baştutany ýokarda aýdylanlary umumylaşdyryp, gazetleri we žurnallary elektron görnüşe geçirmegiň anyk wagt tertibini düzmegi tabşyrdy.
Sanly ulgam babatda ýurdumyzda bitewi maglumat giňişliginiň bolmagyny üpjün etmek esasy wezipeleriň biridir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň raýatlarynyň häzirki zaman aragatnaşyk tehnologiýalarynyň bilim, lukmançylyk we dynç alyş babatda döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmegi üçin, Internet we aragatnaşyk ulgamlaryna uly bolmadyk ilatly ýerleri we uzakdaky etraplary birikdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Milli Liderimiz şeýle hem neşirleriň elektron görnüşine geçmek bilen baglylykda, redaksiýalaryň gurluşyny üýtgetmek meseleleriniň üstünde işlemegi, elektron gazetlerden we žurnallardan peýdalanmak üçin bellenilýän tölegleri kesgitlemegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli sanly ulgama geçmegi, aýratyn hem, bu babatda Hökümetiň işi üçin şertleri döretmek boýunça işleri tamamlamagyň möhletini kesgitledi.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......