Tesla sabyrsyzlyk bilen garaşylýan Model Y krossowerini wagtyndan öň çykardy

  • 18.03.2020 23:16
  • 4.1k+

Tesla kompaniýasy muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşan Tesla Model Y krossowerini satyn alyjylara gowşuryp başlady.
Awtomobil anonsyndan bir ýyl geçenden soň elýeterli boldy. Häzirki wagtda Tesla Model Y krossoweri ABŞ-da satylyp başlandy.
Ilkibaşdan, kompaniýa elektromobili üstümizdäki ýylyň güýzünde çykarmagy meýilleşdiripdi, ýöne awtoöndüriji bu pikirini üýtgedip elektromobiliň çykarylyşyny ýarym ýyl öň başlady.
Tesla önümçiligiň başlanandygy barada internet torlarynda habar berdi we haýran galdyryjy wideorolik bilen bu begençli habaryň üstüni ýetirdi. Bu elektromobile eýe bolanlar hem bu wakany paýlaşmak mümkinçiligini elden goýberenoklar, wideoblogerler bolsa eýýäm wideoşekilleri neşir edip başladylar.
Häzirki wagtda satyn almak üçin Tesla Model Y krossoweriniň Long Range we Performance konfigurasiýalarynda gymmat wersiýalary elýeterli. Krossoweriň standart wersiýasy 2021-nji ýyldan ir peýda bolmaz.

düýn 09:56
2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.6k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....