Changan martda sürüjisiz awtomobilleriň seriýaly önümçiligine girişer

  • 17.03.2020 21:53
  • 1.6k+

Hytaýyň Changan Automobile awtomobil gurluşyk kompaniýasy 2020-nji ýylyň martynda sürüjisiz awtomobilleriň seriýaly çykarylyşyna başlamaga taýýarlanýar. Üçünji derejeli awtonom dolandyryş sistemasy täze UNI-T krossowerine oturdylar, bu barada abnews.ru habar berýär.
Changan-yň krossoweriniň halkara premýerasy 5-nji martda Hytaýda geçirildi. UNI-T krossowerini awtomobil kompaniýasynyň ýolbaşçysy onlaýn-translýasiýa görnüşinde hödürledi.
Täze krossower 5 millimetrlik gysga tolkunly we 12 sany ultra-ses datçiklerine eýe boldy. 6 kamera bilen bilelikde olar sistema real wagt režiminde 360 gradus üç ölçegli kartany döretmäge mümkinçilik berýärler.
Bu enjam ýoldaky ähli böwetleri 200 metr radiusda görmäge mümkinçilik berýär. Ulagyň datçikleri ýol belgilerinden, nyşanlaryndan, beýleki ulag serişdelerinden, geçelgelerden we welosipedçilerden başlap, islendik obýekti 10 santimetr çenli takyklykda bellige almaga ukyply. 
Changan özüni üçünji derejeli awtonom dolandyryş tehnologiýasy bilen üpjün edilen awtomobillerini köpçülikleýin öndüriji ilkinji hytaý kompaniýasy diýip atlandyrýar.
Awtonom dolandyryşyň jemi 0-dan 5-e çenli 6 derejesi aýratynlandyrylýar. Bar bolan klassifikasiýa laýyklykda üçünji dereje awtomobile dürli ýol şertlerinde özbaşdak hereket etmäge mümkinçilik berýän ýokary awtonomlyga degişli. Sürüji UNI-T-ni diňe adatdan daşary ýagdaý ýüze çykanda dolandyrar.
Awtomatlaşdyrmanyň birinji derejesi diňe sürüjä kömek bermegi göz öňünde tutýar (meselem, adaptiw kruiz-kontrol). Awtomatlaşdyrmanyň ikinji derejesinde sürüji ruldan elini wagtlaýyn aýryp bilýär, ýöne ol gyssagly ýagdaý ýüze çykanda dolandyryşy öz eline almak üçin mydama ýola üns bermeli.
Öň, Honda Motor kompaniýasynyň bazara 2020-nji ýylyň ortalarynda üçünji derejeli awtomatlaşdyrma bilen awtomobili çykarmagy meýilleşdirýändigi belli boldy. Bu kompaniýanyň ýapon öndürijilerinden şeýle awtomobilleri ilkinji bolup ýola goýmagyna garaşylýar.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....