Ford Ýewropada dilerleri ýapýar we onlaýna girişýär

  • 16.03.2020 21:21
  • 1.7k+

Amerikan awtoöndürijisi Ford ulaglaryny Ýewropada onlaýn satmagyny dowam etdirjekdigini mälim etdi. Bu barada gorodovoy.spb.ru habar berýär. Şeýle kararyň esasynda Ýewropa sebitindäki diler wekilhanalarynyň bir bölegi ýapyldy. Bu kompaniýanyň çykdajy optimizasiýasy bilen bagly. “Rus gazeti” gazeti diňe Beýik Britaniýanyň düzüminde dört ýüzden 180 nokadyň ýapyljakdygyny ýazýar. Bu Ford kompaniýasyna öz modelleriniň ýaýradylmagyna gönükdirilýän çykdajylary ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer, üstesine-de, häzirki ösüş strategiýasynyň çäklerinde Ford özüniň Ýewropada hereket etmesini düýpli azaltmaly, köp modellerden ýüz öwürmeli we ünsi SUV segmentine hem-de ol ýa-da beýleki elektrikleşdirilen awtomobillere gönükdirmeli. Netijede, kompaniýanyň satuwy ýokarlanyp, girdejisi artar.
Ýuwaş-ýuwaşdan elektromobiller Ford kompaniýasynyň Ýewropada esasy önümine öwrüler. 2021-nji ýylyň ahyryna çenli Ford-yň Ýewropadaky önüm lineýkasy 18 sany elektrikleşdirilen modeli öz içine alar (ýagny, elektromobilleri we gibridleriň dürli görnüşlerini).
“Bölek söwdanyň düzgünleriniň üýtgeýşi ýaly dünýä hem üýtgeýär” – Ýewropa ugrunyň ýolbaşçysy Stýuart Rouli belleýär.
Müşderilere awtomobili Internetden saýlamaklyk, harydy hem onlaýn kartoçka arkaly tölemeklik hödürleniler. Satuw funksiýasy aýrylan diler wekilhanalarynyň bir bölegi bolsa serwis hyzmatyna ýöriteleşdirilip başlanar. Ösüşiň barşynda esasy üns Transit “maşgalasyna” berler, çünki ol adamlara diňe bir rahatlyk üçin däl-de, eýsem, gazanç üçin gerek.

düýn 09:56
2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.6k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....