Samsung kompaniýasy displeýleriň täze neslini öndürmekçi bolýar

  • 16.03.2020 21:00
  • 4.1k+

Samsung kompaniýasynyň PIFF atly täze söwda markasyny bellige aldyrmakçy bolýandygy belli boldy. Hut şu brendiň esasynda indi AMOLED-iň ýerini tutjak smartfonlar üçin düýbünden täze döwrebap innowasion displeýler öndüriler. Bu barada live24.ru habar berýär.
AMOLED displeýi Samsung kompaniýasy tarapyndan 12 ýyl mundan öň tanyşdyrylypdy, oňa eýe bolan ilkinji gurluş hem Nokia N85-di. Şondan bäri bu displeýler uly meşhurlyga eýe boldy we häzirki wagtda ol köp gajetlerde ulanylýar. Onuň yzysüre öndüriji Super AMOLED we Dynamic AMOLED displeýlerini anons etdi. Bularyň ikisi hem meňzeş, ýöne soňky HDR10+ dinamiki diapazonyny göterýär. Displeýiň bu görnüşine Galaxy S10 we has soňky smartfonlar eýe boldy.
PIFF ady eýýäm Intellektual emlägiň WIPO Bütindünýä guramasynyň sanawynda bellenildi. Häzirki wagtda Samsung talapnamany patenti resmileşdirmek üçin USPTO Edarasyna iberdi.
Resminamada “beýany” ýazgysynda diňe smartfonlar üçin displeý diýen ýekeje häsiýetnama görkezilen. Galan maglumatlar heniz belli däl. Täze dewaýsy söýüjiler “akylly” telefonlaryň kämilleşdirilen ekrany baradaky täzeliklere sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Käbirleri eýýäm Samsung-yň önüminiň binýadynda täze nesliň telefonyna eýe bolyjynyň islegi boýunça öwrülýän we formasyny üýtgedýän “maýyşgak” ekran ideýasynyň ýatandygyny çaklaýarlar. Beýlekiler smartfonda mümkin gizlin selfi-kamera oturdylandyr diýen pikiri aýdýarlar. Ýöne beýle etmek nämä gerek – bu düşnüksiz.
2019-njy ýylda Samsung kompaniýasyna gajetleri öndürijileriň ählumumy reýtinginde 1-nji orny eýelemek başartdy. Şeýlelik bilen, Samsung-yň umumy satuw paýy tas 21%-e barabar boldy.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......