BMW kompaniýasy i8 modellerini çykarmagyny bes edýär

  • 14.03.2020 19:37
  • 11k+

BMW kompaniýasy 2020-nji ýylyň aprel aýynyň ortalarynda önümçilikden i8 gibrid kupesini aýyrar.
Bu awtomobil 6 ýyl bäri çykarylýardy. Kompaniýa ähli güýjüni iX3, i4 we iNext ýaly innowasion elektrokarlaryň önümçiligine we işlenip taýýarlanmasyna gönükdirmek üçin BMW i8 gibridleriniň önümçilik toplumyny tamamlamak kararyna geldi. Bellenilip geçilen üç model Ženewada geçirilmedik maşyn sergisinde görkezilmelidi. Emma olaryň resmi tanyşdyrylyşy onlaýn-režimde geçdi. Geçen ýylyň dekabrynda BMW-niň Leýpsigdäki (Germaniýa) awtokärhana konweýerinden i8 modeliniň 20 müňe golaý nusgasy çykdy. Kompaniýada bu modeliň dünýäde iň köp satylýan gibrid sport awtosynyň bolandygy habar berilýär.
BMW i8 kupesi we rodsteri 321 at güýjündäki kuwwatlykly 1,5 litrlik 3 silindrli benzin motoryndan ybarat bolan güýçli gibrid gurluşy we 143 at güýjündäki netijeli elektrik gurluşy bilen üpjün edilýär. Elektrik tirkegindäki ätiýaçlyk ýoly 54 kilometre deň.
Kompaniýa ýaňy-ýakynda BMW i8 modeliniň bazardan aprel aýynda gitjekdigini habar berdi, ýöne brend gibridleriň soňky Ultimate Sophisto Edition limitirlenen toplumyny çykarmakçy bolýar. Bu seriýanyň çäklerinde nemes öndürijisi 200 ulag taýýarlar.

düýn 09:56
2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.6k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....