Tesla millionynjy elektromobilini çykardy

  • 10.03.2020 22:00
  • 4.6k+

Tesla kompaniýasy ýubileý awtomobilini çykardy. Gyzyl reňkli Model Y millionynjy elektrokar boldy. Bu awtoöndürijiniň bir million elektromobil öndürmegi başaran ilkinji awtoöndüriji bolandygyny belläp geçmek gerek. Umuman aýdylanda, marka dürli pudaklarda yzygiderli rekord goýmagy başarýar. Kompaniýa 2003-nji ýylda esaslandyryldy we bäş ýyl geçenden soň Lotus Elise-iň binýadynda gurlan Roadster ilkinji modeliniň az seriýaly önümçiligi başlandy, ýöne ol tejribäniň görkezişi ýaly awtosöýüjileriň islegine laýyk gelmedi, şonuň üçin onuň satuwy hem örän az boldy. Ondan soň kompaniýa Model C-ikinji elektrokaryny hödürledi, şondan soň Tesla brendine gyzyklanma artdy.
Çykarylan Tesla Model X elektrik krossoweri, ondan soň hem ýokary derejede satylan Model 3 bu brenda üstünlik getirdi. Häzirki wagtda amerikan markasy dünýäde elektrokarlaryň iň gymmatly öndürijileriniň biri hasaplanylýar.
Häzir Tesla-nyň model lineýkasy Model S liftbeginden, Model 3 sedanyndan we Model X hem-de Y krossowerlerinden ybarat. Olar ABŞ-daky, Hytaýdaky we Niderlandiýadaky üç kärhanada öndürilýär.
Gigafactory 4 kärhanasy Berlinde täze halkara aeroportunyň ýanynda gurlar. Maksimal kuwwatlylyga ýetirilen wagtynda kärhana her ýylda ýarym milliona çenli awtomobil çykaryp biler. 2020-nji ýylda Tesla her ýylda 150 müň ulag çykarmak derejesine ýetmekçi bolýar. Tesla kompaniýasynyň indiki täze awtomobili prototipi 2019-njy ýylyň güýzünde görkezilen Cybertruck elektrik pikapy bolar. Resmi däl maglumatlara laýyklykda, Tesla awtomobil üçin ýarym milliondan gowrak deslapky sargytlary kabul etdi, bu awtomobiliň seriýaly çykarylyşy 2021-nji ýyldan ir başlamaz.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....