Germaniýada ganatly Tensor 600 X aerotaksini synagdan geçirdiler

  • 09.03.2020 21:31
  • 2.7k+

“Fraundorfer Aeronautics” nemes kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylýan Tensor 600 X aerotaksisi ilkinji uçuşyny amala aşyrdy. Inženerleriň-işläp düzüjileriň meýilnamalaryna laýyklykda, testden geçirilme üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli dowam etdiriler. Apparatyň söwda maksatly ulanylyşy 2021-nji ýyla göz öňüne tutulan.
Bu modeller giroplan hökmünde hem belli bolup, olar uçujy apparatyň keşbini özünde jemleýärler, onuň wintleri (pyrlampaçlary) diňe howa akymy bilen aýlanýar we onuň esasynda ýokary göteriji güýji döredýär. Wintler özüniň häsiýetleri boýunça uçaryň ganatyna meňzeş. Giroplanlarda herekete getiriji güýje onuň guýruk bölegindäki itekleýji howa winti jogap berýär.
Aerotaksi hyzmatlaryny döretmek üçin giroplanlaryň ulanylmagy, ony taslaýjylaryň aýtmagyna görä, ýangyç baýlygynyň sarp edilişini azaltmaga mümkinçilik berer. Ýene bir artykmaçlygy ulag serişdeleriniň esasynda emele gelýän galmagalyň derejesini peseltmekden ybarat. Elektrik uçujy apparatyň hereketiniň maksimal tizligi 115 uzel derejesinde bellenen, bu sagatda 213 km-e barabardyr. Ol uzynlygy 90 m bolan aralygyň bar ýerinde uçup bilýär.
Synagdan geçiş wagtynda Tensor 600 X aerotaksisi bort sistemasynyň we bitewi konstruksiýanyň işe ukyplylygynyň hilini barlamagyň birnäçe şertlerinden geçdi. Uçuş durnuklylygy bilen bir hatarda, dolandyrylyş derejesi, manýowr görkezijileri we beýleki parametrler hem gözegçilikde saklanýar. Synaga goýberiliş wagtynda howa apparaty 500 m belentlige galyp, sagatda 130 km tizlik ýygnap, onlarça kilometr aralygy geçmegi başardy. Onuň ilkinji uçuşy bir sagada ýetdi. Aerotaksiniň ilkinji uçuşy Rotax 915S benzin hereketlendirijisi bilen amala aşyryldy.
Taslama laýyklykda, aerotaksiniň kadaly tizligi sagatda 200 kilometre barabar. Ulagyň uçuş dowamlylygy 600 kilometr. Täze aerotaksi bäş ýolagçyny gatnadyp biler diýlip çaklanylýar. Uçuşyň tizligi bolsa sagatda 280 kilometre deň bolar.
Fraundorfer Aeronautics kompaniýasyndan başga-da, aerotaksileriň taýýarlanylmagy bilen Mooney International we Carter Aviation amerikan kompaniýalary meşgullanýar.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....