Mercedes-Benz çykarýan modelleriniň sanyny azaldar

  • 08.03.2020 22:55
  • 6.1k+

EQ subbrendiniň elektromobilleriniň model hataryny giňeltmeklik kompaniýanyň markanyň “adaty” modellerini aradan aýyrmagyna getirýär.
Mercedes-Benz nemes kompaniýasy çykdajylary azaltmak bilen bagly meýilnamasyny durmuşa geçirmäge başlady. Bu barada Daimler birleşiginiň direktorlar geňeşiniň agzasy Markus Şefera salgylanmak bilen Autonews habar berýär. Şeferiň aýtmagyna görä, täze elektromobilleriň taslamasynyň, barlagdan geçirilmeleriniň we önümçiliginiň düýpli maýa goýumyny talap edýändigi üçin, kompaniýa käbir zatlardan ýüz öwürmeli bolýar. Ähmiýetli serişdeleri bolsa hususy platformada gurlan modellerden ýüz öwürmek bilen tygşytlamak bolýar. Häzirki günde ýeke-täk model üçin aýratyn arhitekturany döretmek düýbünden amatly däl.
Top-menejeriň aýtmagyna görä, optimizasiýanyň netijesinde brendiň çykarýan modelleriniň möçberi, şeýle-de awtomobil platformalarynyň we güýçli enjamlaryň sany azaldylar.
Häzirki wagtda nemes brendiniň lineýkasynda 45 model bar. Bu meýilnamanyň esasynda önümçilikden Mercedes-Benz S-klasynyň kupe we kabrioletiniň hem-de Mercedes-Benz X-klasynyň pikapynyň aýryljakdygy bellenilip geçilýär. Şeýle-de, konweýerden Mercedes-Benz B-klasynyň modeli gider diýlip çaklanylýar. Sanyny azaltmak meýilnamasyna G-Class, SL, AMG GT, S-Class girer.
Çykdajylar azaldylandan soň ulanyşdan galan serişdeleri täze modelleri, gibridleri we awtonom sistema dolandyryşly modelleri taýýarlamak işlerine gönükdirmek meýilleşdirilýär.
Öň, Mercedes-Benziň şu ýylda täze EQA elektrik krossowerini hödürlemegi meýilleşdirýändigi habar berildi.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....