Türkmenistanyň Prezidenti «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi

  • 08.03.2020 14:29
  • 5.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda Permana gol çekdi. Bu ada mynasyp bolanlaryň doly sanawy bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.
Resminamada bellenilişi ýaly, bu karar merdana ata-babalarymyzyň türkmen jemgyýetiniň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda ene mähremligine aýratyn hormat goýup, ony mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgelerinden ugur alyp, berkarar Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän mynasyp nesli ösdürip we terbiýeläp ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň bitirýän ägirt uly hyzmatlaryny nazara almak bilen kabul edildi.
Ösüp gelýän nesillerimizi ata Watanymyza we merdana halkymyza wepaly, sagdyn hem-de ruhubelent adamlar edip ýetişdirmekde kalby mähirden doly eneleriň örän uly hyzmaty bardyr. Mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna milli däp-dessurlarymyza laýyk edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimizde agzybirligi berkitmekde olaryň bitirýän işleriniň bahasy ýokdur. Perzentlerine watansöýüjilik, ynsanperwerlik, lebzihalallyk we zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetleri ündeýän, ýürekleri mähirden hem-de buýsançdan doly, yhlasly zähmeti bilen ata Watanymyzyň abraýyna abraý goşýan mähriban enelerimiziň sarpasy Garaşsyz döwletimizde belent tutulýar.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......