“Ýylyň bütindünýä awtomobili” bäsleşiginiň finalistleri atlandyryldy

  • 07.03.2020 16:50
  • 5.3k+

Bu ýylda “World Car of the Year” bäsleşiginiň nominantlarynyň sanawyna şular girdi: Kia Telluride krossoweri, şeýle-de Mazda-nyň iki modeli, ýagny täze “üçlük” we CX-30. Gysga sanaw dünýäniň dürli ýurtlaryndan 86 sany awtomobil žurnalistleri tarapyndan kesgitlenildi. Ýeňijiler 8-nji aprelde Nýu-Ýorkda motor-şounyň açylyş dabarasynyň çäklerinde mälim ediler.
Mundan başga-da, beýleki kategoriýalardaky nominantlar hem belli edildi. Ýagny, iň gowy “Şäher awtomobili” ady ugrunda Kia Soul EV we Mini, şeýle-de Volkswagen T-Cross krossoweri göreşer. “Ajaýyp awtomobil” nominasiýasynda ýeňiji Mercedes-Benz EOQ, Porsche 911 we Porsche Taycan awtomobilleriniň arasyndan saýlanylar.
Şonuň bilen birlikde “Sport awtomobili” tituly ugrunda diňe Porche-911, Taycan we 718 Boxster GT4/Cayman GT4 markalarynyň wekilleri göreşerler. Ýeňiji belli diýen ýaly, baýraga Porsche mynasyp bolar. “Iň gowy dizaýn” titulynyň dalaşgärleri Peugeot 208, Mazda3 we Porsche Taycan awtomobillerinden ybarat. Ýatladyp geçsek, geçen ýylky “Ýylyň bütindünýä awtomobili” bäsleşiginiň absolýut ýeňijisi Jaguar I-Pace elektrik krossoweri boldy. Ondan öň Volvo XC60, mundan öň bolsa – Jaguar F-Pace we Mazda MX-5 awtomobilleri ýeňiji bolupdy.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....