BMW markanyň täze logotipi bilen tanyşdyrdy

  • 06.03.2020 23:06
  • 8.2k+

“RG” saýty täze BMW i4 Gran Coupe konsepti barada gürrüň berdi. Bu täze önüm täze logotipe eýe bolan ilkinji awtomobil boldy. Modeliň seriýaly wersiýasy indiki ýyl peýda bolar.
BMW-niň logikasy sada we düşnükli, ýagny dünýä trendi bolan “birsydyrgyn” dizaýndan yza galmaly däl. Logotipiň formasy we umumy konsepsiýasy şol bir bolşunda saklandy: tegelekler öňküsi ýaly biri-biriniň içinde ýerleşdirilen, içki tegelek dört sany bölege bölünen, tegelekleriň arasynda bolsa brendiň ady ýerleşdirilen.
Ýöne tegelekleriň arasyndaky giňişlik gara reňkden mahrum edilen, galan elementler bolsa 3D-effektinde. Logotip ikiölçegli bolandygy sebäpli, ol ýelmenýän formada ýerine ýetirilmez.
Kompaniýada bellenilişine görä, täze nyşan sanly tehnologiýalaryň bazarynda ünsi jemleýän ýaş satyjylary özüne çekmeli, ýöne şol bir wagtda muşdaklaryň ynamyny ödemeli. Ýens Timeriň aýtmagyna görä, logotip açyklygy we aýdyňlygy aňladýar.
Ýatladyp geçsek, ilkinji BMW emblemasy 1917-nji ýylda bellige alyndy. Şondan soň ol 1933, 1953, 1963 we 1997-nji ýyllarda üýtgedildi.
Öň, Volkswagen kompaniýasynyň hem öz logotipini täzeländigini belläp geçmeli, ol hem ikiölçegli we kabul ediş nukdaýnazaryndan has sada boldy.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....