Lýuksemburg dünýäde tölegsiz jemgyýetçilik ulagly ilkinji ýurt boldy

  • 03.03.2020 14:49
  • 5.1k+

Lýuksemburg ýaşaýjylary we onuň myhmanlary üçin jemgyýetçilik ulaglaryny tölegsiz eden ilkinji ýurt boldy. 2020-nji ýylyň 29-njy fewralyndan Lýuksemburgda awtobusda, tramwaýda we otlularda ýol gatnawlary mugt boldy. Bu barada iz.ru habar berýär. Ýurtda bu güni “taryhy” diýip atlandyrdylar, ony wokzallarda dürli konsertleri we beýleki medeni çäreleri gurnamak bilen belleýärler. Gatnaw üçin diňe şahsy şahadatnamany görkezmek ýeterlik.
Taslamanyň bahasynyň ýylda 41 million ýewro töweregi boljakdygy bellenilýär, şonuň esasynda tankytçylar “tölegsiz gatnaw” adynyň “hiç kimiň tölemejekdigini” aňlatmaýandygyny aýdýarlar.
Lýuksemburgyň hökümeti dykyn meselesini çözmek üçin şeýle karara geldi. Ýurtda 614 müň adam ýaşaýar, olardan 110 müňüsi paýtagtda. Ýöne ýüzlerçe müň adam goňşy döwletlerden – Belgiýadan, Fransiýadan we Germaniýadan Lýuksemburg şäherine işlemäge gelýärler. Netijede ýollarda hereket saklanýar. Gatnaw üçin tölegiň ýatyrylmagy ýurduň içindäki öý hojalyklaryň 41%-ine täsir eder.
Hökümet salgyt toplamanyň hasabyna ýitirilen serişdeleriň öwezini dolmagy göz öňünde tutýar. Lýuksemburg hemmeler üçin ýol gatnawyny dolulygyna tölegsiz eden ilkinji ýurt boldy. Belläp geçsek, Tallinde tölegsiz gatnaw eýýäm ýedi ýyl bäri hereket edýär, ýöne diňe ýerli ýaşaýjylar üçin; fransuz Dýunkerkinde hem şeýle çäklendirme bar.
Ulagda tölegsiz gatnamak Lýuksemburgyň hökümetiniň pikiriçe, jemgyýetçilik ulagynyň has özüne çekiji bolmagyna we ýol dyknyşygy meselesini çözmäge kömek eder.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......