Toyota Hytaýda elektromobilleriň önümçiligi boýunça kärhana gurar

  • 02.03.2020 15:27
  • 4.5k+

Toyota ýapon brendi Hytaýda elektrokarlaryň önümçiligi üçin kärhana gurmagy meýilleşdirýär.
Kompaniýanyň wekilleri täze kärhananyň üstündäki işleriň FAW Group guramasy bilen bilelikde alnyp baryljakdygyny mälim etdiler. Bu barada car.ru habar berýär.
Kärhana umumy bolar, ony Hytaýyň demirgazyk-gündogar şäheri Týanszinde ýerleşdirmek kararyna geldiler.
Belli bolşy ýaly, FAW Group kompaniýasy döwlet tarapyndan goldanylýar, şonuň üçin hem taýýarlanylýan taslama barada Hytaý hökümetine ýakyn bolan infarmatorlar gürrüň berdi.
Şeýle-de, kärhananyň gurluşygyna 1,2 milliard dollardan gowrak möçberde puluň sarp ediljekdigi barada maglumat peýda boldy. Ýöne taýýar kärhana her ýylda 200 müň töweregi elektrokarlary çykaryp biler.
Bu kärhananyň kömegi bilen korporasiýa dünýäniň iri awtomobil bazarynda satuwyň göwrümini artdyrmaga çalyşýar diýlip hasaplanylýar. Ýapon awtoöndürijisi täze kärhananyň gurluşygyny ýakyn ýyllarda tamamlamagy göz öňünde tutýar.
Hytaý ýapon kompaniýasy üçin esasy bazarlaryň biri bolmagynda galýar. 2019-njy ýylda HHR-de awtomobilleriň umumy önümçiligi 8,2% pese gaçdy, ýöne Toyota kompaniýasyna bu bazarda özüniň satuwyny ýyl hasaby boýunça 9% ýokarlandyrmak başartdy.
Toyota 2025-nji ýyla çenli elektromobilleriň we gibridleriň önümçiligini 5,5 milliondan hem geçirmegi göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....