Leonardo da Winçiniň Luwrdaky sergisi muzeýiň ähli rekordyny täzeledi

  • 27.02.2020 23:31
  • 3.6k+

24-nji fewralda Parižde italýan suratkeşiniň, derňewçisiniň we oýlap tapyjysynyň aradan çykanynyň 500 ýyllygyna bagyşlanan sergi tamamlandy. Leonardo da Winçä bagyşlanan bu sergä 1,1 mln töweregi adam bardy. Bu muzeýiň mundan öňki rekordlarynyň ählisini täzeledi, bu barada Artnet portalyna salgylanmak bilen rossaprimavera.ru habar berýär.
Da Winçiniň sergisi geçen ýylyň oktýabrynda açylypdy. Luwryň müdiri Žan-Lýuk Martinesiň aýtmagyna görä, rekord serginiň işiniň goşmaça wagtynyň kömegi bilen goýuldy. Luwryň gapylary sagat 22:00-a çenli açyk boldy, bu bolsa adamlaryň uly möçberini özüne çekmäge mümkinçilik berdi.
Belli suratkeşiň işleriniň sergisine ortaça her günde 10 müňden gowrak adam geldi. Luwr sergisiniň işiniň soňky güni bolsa 30 müň töweregi adam bardy.
“Aradan çykanyndan 500 ýyl geçensoň hem Täzeden döreýiş eýýamynyň italýan suratkeşiniň giň köpçüligi haýrana galdyrmagyny dowam etdirmegi örän ajaýyp. Meniň buýsanmagyma iki sebäp bar: Leonardonyň köp sanly eserleriniň bir ýere üstünlikli toplanylmagy we köp sanly jemgyýetiň şoňa ünsüniň gönükdirilmegi” – diýip, Martines belleýär.
Sergi da Winçiniň 160 töweregi eserini ýygnady, olaryň hatarynda “Madonna Benua”, “Aýalyň kellesi”, “Mukaddes Ieronim” hem bar. “Mona Liza” Luwrda özüniň öňki ýerinde galdy. Mundan başga-da, sergä baranlar ussadyň şägirtleriniň işlerini hem görüp bildiler.
Suratkeşiň işlerini gözi bilen görüp bilmedikler üçin Luwryň müdiri 2020-nji ýylyň ahyryna çenli “Luwrdaky gije. Leonardo da Winçi” filmini çykarmaga wada berdi.
Mundan öň, suratçy Ežen Delakrunyň eserleriniň sergisi rekord goýupdy, oňa 2018-nji ýylda 540 müň adam geldi.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......