Anglo American kompaniýasy dünýäde iň uly wodorod awtomobilini döreder

  • 27.02.2020 22:43
  • 6.8k+

Anglo American britan kompaniýasynyň hünärmenleri dünýäde iň uly wodorod awtomobilini döretmegi meýilleşdirýärler.
MediaPotok informasion agentliginiň habar bermegine görä, karýer ýük ulagynyň agramy 290 tonna barabar bolar. Ekspertler rewolýusion modellerde Williams Advanced Engineering kompaniýasynyň önümi bolan, 1000 kilowatt-sagatdan ýokary sygymly litiý-ion akkumulýatorlarynyň boljakdygyny aýtdylar.
Olaryň kömegi bilen ähli bort elektronikasy we wodorod ýangyç elementli uly göwrümli güýçli gurluş hereket eder.
Eýýäm şu ýylyň dowamynda GAR-yň magdan kärhanalarynyň birinde bu täze önümi ilkinji doly derejeli synagdan geçirmek meýilleşdirilýär. Bu ýük ulagynyň “seriýaly” önümçilige goýberiljekdigi barada häzirki wagtda maglumat ýok.
Kompaniýanyň maglumatlaryna laýyklykda, döwrebap tehnologiýalaryň esasynda magdan kärhanalarynda kömürturşy gazynyň zyňyndylary 10 ýylyň içinde 30% peseldi. Ýük ulaglarynyň ekologik çözgüdi dag-magdan senagaty bilen meşgullanýan kompaniýalara ýerasty şahtalarda gymmat wentilýasion ulgamlaryny döretmekde serişdeleri az sarp etmäge mümkinçilik berer.
Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda wodorod ýangyjynda hereket edýän iň uly awto 111 tonna agramly eDumper ýük ulagy bolup durýar.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....