Geely Hytaýda onlaýn-satuwy işe girizýär

  • 26.02.2020 22:08
  • 4k+

Geely hytaý awtoöndürijisi Hytaýda satuw boýunça onlaýn-hyzmatyny, şeýle-de, müşderileriň öýden çykman awtomobili satyn almaklaryna kömek etmek bilen, eltip berme hyzmatyny hem işe girizýär.
Bu satuwyň möçberini artdyrmaga kömek etjek möhüm ädim bolup durýar, sebäbi ýaňy-ýakynda bolup geçen koronawirus ýaýrawy adamlary awtosalonlara barmakdan saklady. Satyn alyjylar özüniň täze awtomobillerini Geely-niň web-saýtynda sargap we gurnap bilýärler, şeýle-de, ýerli diler merkezleri bilen ylalaşyk boýunça alyjynyň öý salgysyndan başlap, test-draýwlaryny gurnap bilýärler. 
Geely-niň ýerine ýetiriji müdiri Wiktor Ýangyň aýtmagyna görä, onlaýn-satuw strategiýasy awtoöndürijilere satuw we marketing boýunça müşderiler bilen göni aragatnaşygy saklamaga we olara bu işleri geljekde dowam etdirer ýaly tejribe toplamaga mümkinçilik berer. 
Öň Geely onlaýn-satuwyň beýleki platformalaryny peýdalanypdy, brend awtomobilleri ilkinji gezek hususy web-saýty arkaly satýar. Soňky hepdede Tesla, BMW, Mercedes ýaly beýleki awtoöndürijiler hem öz önümlerini Internet arkaly satmak işlerine başladylar, sebäbi Hytaý hökümeti adamlara jemgyýetçilik ýerlerinden daşda durmaklygy duýdurýar.
Fewralyň ilkinji 16 gününde Hytaýda, iri göwrümli awtomobil bazarynda ýeňil awtomobilleriň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 92% pese düşdi. Fewralda Geely-niň önümçilik göwrümi onuň aýdaky adaty göwrüminiň üçden birine deň boldy.
Hytaýdaky kynçylyklara garamazdan, täze ykjam Geely Icon krossoweriniň satuwa çykandygyny hem belläp geçmeli. Ol Volvo-nyň binýadynda gurnalan. Dizaýnynyň üstünde dürli ýurtlardan professionallar topary iş alyp bardy. Onuň göwrümi meşhur krossowerleriň göwrümi bilen meňzeş: uzynlygy – 4350, ini – 1810, beýikligi 1615. 

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....