Dünýä awtobazary ýanwar aýynda 10% pese düşdi

  • 25.02.2020 23:03
  • 8.9k+

Dünýä bazary ýanwar aýynda 10,4%ýa-da 6 mln 484 müň ýeňil we ýeňil söwda awtomobillerine çenli pese düşdi. Geçen aýyň netijelerinden hasaplamanyň esasynda satuwyň ýyllyk derejesi 87 mln 804 müň ulaga barabar boldy, muny “АВТОСТАТ” agentligi tarapyndan LMC Automotive kompaniýasynda alnan maglumatlar görkezýär. 
Awtomobilleriň satuwy boýunça dünýä liderligini Hytaý saklaýar, ol ýerde ýanwar aýy boýunça 1 mln 877 müň ulag satyldy (-20,7%). Geçen aýyň pes derejesi, esasan, 2019-njy ýylyň fewral aýynda Aý kalendary boýunça bellenilen Täze ýyl bilen bagly şertlendirilýär. Göwrümi boýunça ikinji dünýä awtobazary 1 mln 126 müň ulag görkezijisi bilen Amerikadyr, bu görkeziji geçen ýylyň şeýle döwründäki görkezijiden 0,4% pes.
Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň awtomobil bazarlary ýanwar aýy boýunça 7,4% pese düşdi, netijede ol 1 mln 165 müň ulaga barabar boldy. Gündogar Ýewropa ýurtlarynda awtomobilleriň satuwy, tersine, 5,8%, ýagny 1 mln 165 müň ulaga çenli artdy. 
Günorta Amerikada ýerli dilerler 227 müň awtomobili satdylar, bu bolsa geçen ýylyň ýanwar aýyndan 9% az. Iri göwrümli dünýä awtobazarlarynyň arasynda Ýaponiýany (355,5 müň sany, -12%), Koreýany (114,3 müň sany, -14,5%) we Kanadany (109,6 müň sany, +1,4%) hem belläp geçmek bolýar.

şu gün 11:57
3.7k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

düýn 20:27
2.4k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

08.04.2026 18:35
5.8k+

Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa......

06.04.2026 16:59
3.9k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....