24-25-nji fewralda Dubaý şäherinde (BAE) geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» halkara roud – şüweleňine dünýäniň nebitgaz bazarynyň öňdebaryjylary, ýurdumyzyň uglewodorod pudagynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu ýöriteleşdirilen forum Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendir.
Roud — şüweleňi gurnaýjylaryň maglumatlaryna görä bu çärä 40-a golaý ýurtdan iri kompaniýalaryň 100-den gowragy gatnaşdy.
Dubaýda geçirilen forumyň ilkinji güni «TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir» atly halkara maslahaty we «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly ilkinji mejlisi boldy.
Dubaýda geçirilen maslahatyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisi bilen tanyşdyrmak çäresi guraldy, onda bu gurluşygyň ilerledilişi, ägirt uly taslamanyň sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine ýetirýän täsiri baradaky maglumatlar beýan edildi.
Halkara roud-şüweliňiniň birinji iş gününiň mejlisleri Türkmenistanyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudagynyň ösüşine, ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagyna, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygynyň deňiz toplumlarynyň özleşdirilmegine we maýa goýumlaryny çekmek meselelerine bagyşlandy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň dünýä belli kompaniýalaryň birnäçesiniň esasy menejerleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Dubaýda Türkmenistanyň nebitgaz ulgamyna bagyşlanan roud-şüweleňi geçirildi
- 25.02.2020 22:35
- 2.9k+