Türkmenistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz döwletleriň reýtingine girdi

  • 22.02.2020 22:08
  • 5.7k+

Jahankeşdeler syýahat etmek üçin iň howpsuz ugurlary saýlaýarlar. Olaryň bu ugurda gözleglerini ýeňilleşdirmek üçin syýahatçylygy ätiýaçlandyrmak bilen meşgullanýan «Insurly» fransuz agentligi 2020-nji ýylyň ýörite reýtingini düzdi. Agentlik meşhur syýahatçylyk ugurlaryny iň howpsuz «ýaşyl» zolaklardan başlap, «benewşe» reňke çenli 5 ugra böldi.
Reýtingiň döwletleri bahalandyrylanda diňe bir zorlukly jenaýatçylyklar we terrorçylyklar nazara alynman, eýsem, tebigy betbagtçylyklaryň ýygylygy, lukmançylyk statistikasy, ulag howpsuzlygy, ekologiýa ýagdaýy we ş.m. hasaba alyndy.
Orient agentliginiň habar berşi ýaly, Türkmenistan reýtingde «howpsuzlygyň pes derejesi» ugurda sary döwletleriň toparyna girdi we 60-njy orny eýeledi. Türkmenistan Müsür, Braziliýa, Hindistan, Türkiýe, Russiýa Federasiýasy ýaly meşhur syýahatçylyk ugurlaryndan öňe geçmegi başardy. Şol toparda şeýle hem Beýik Britaniýa, ABŞ, Kanada, Fransiýa ýaly döwletler bar.
Syýahatçylar üçin iň rahat ýurt hökmünde Şweýsariýa, Singapur we Norwegiýa bellenildi. Reýtingiň iň ahyrynda 179-njy we 180-nji ýerlerde Afrikanyň Kongo we Sudan döwletleri ýerleşýär.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......