Londonda “Brit Awards 2020” saz baýragy geçirildi

  • 19.02.2020 21:46
  • 2.1k+

18-nji fewral gijesi Londonda 02 Arena stadionynda “Brit Awards 2020” saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada baýragyň resmi twitterine salgylanmak bilen Afisha Daily habar berýär.
Reper Stormzy we aýdymçy Meýbl iň gowy britan artistleri boldy. “Iň gowy britan solo aýdymçysy” nominasiýasynda Stormzy “Brit Awards” saz baýragyny ikinji gezek aldy. Meýbl 2019-njy ýylyň awgustynda özüniň ilkinji “High Expectations” albomyny çykardy. Tyler, The Creator we Billi Aýliş hem “Iň gowy halkara artisti” nominasiýasynda ýeňdiler. 18 ýaşly Billi Aýliş iň gowy daşary ýurt aýdymçysy boldy.
“Foals” toparyny iň gowy britan topary diýip ykrar etdiler, aýdymçy Lýuisa Kapaldi iň gowy täze artist boldy. Onuň “Someone You Loved” aýdymy ýylyň aýdymy boldy. Ikinji baýrak oňa iň gowy çykyşy üçin berildi. Ýaş aýdymçy jemi dört sany kategoriýada nominirlendi. Ýylyň albomy – reper Deýwanyň “Psychodrama” albomy.
2019-njy ýylda “A Brief Inquiry into Online Relationships” albomy üçin baýrak alan “The 1975” iň gowy britan pop-topary bolupdy.
“Brit Awards” ses ýazyjy industriýanyň Britan assosiasiýasy tarapyndan 1977-nji ýylda esaslandyryldy. Ol “Gremmi” amerikan baýragynyň britan ekwiwalenti hasaplanylýar.

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.2k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
764

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......