Türkmenistanyň raýatlaryna magistrlik boýunça Fulbraýt maksatnamasyna açyk bäsleşik yglan edilýär

  • 09.02.2020 23:07
  • 6.4k+

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy magistr derejesini almak boýunça Fulbraýt maksatnamasy üçin 2021-2022-nji okuw ýyly üçin açyk bäsleşik yglan edýär. Bu barada Turkmenportal ilçihananyň resmi saýtyna salgylanyp habar berýär.
Fulbraýt adyndaky maksatnama Türkmenistanyň ýaş hünärmenlerine 2021-nji ýylyň awgustyndan başlap, ABŞ-nyň belli bir uniwersitetinde magistr derejesini almak mümkinçiligini berýär. Bu maksatnama 1946-njy ýylda döredilip, ABŞ-nyň döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýär. Ol ABŞ bilen beýleki ýurtlaryň raýatlarynyň arasyndaky medeni-akademiki aragatnaşygy berkitmek maksady bilen daşary ýurt raýatlaryna ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerinde mugt bilim almaga mümkinçilik berýär.
Maksatnamanyň dowamlylygy 1 ýa-da 2 ýyl. Lukmançylyk, weterinar ylymlary, şeýle hem näsaglar bilen ýüzbe-ýüz aragatnaşygy talap edýän hünärlerden başga ähli ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär.
Resminamalary tabşyrmagyň ahyrky senesi — 2020-nji ýylyň 15-nji maýy.
Maksatnama barada jikme-jik maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz.

düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......