«Türkmenhaly» önümçilik birleşigi döwlet birleşigi diýlip üýtgedildi

  • 07.02.2020 23:05
  • 2k+

Medeni mirasymyz bolan halylarymyzyň möhümdigini we gymmatlygyny göz öňünde tutup, ýurdumyzda halyçylygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi döredildi.
Bu ugurdan baý tejribesini nazara alyp, Döwlet birleşiginiň ýolbaşçysy wezipesine O.Işangulyýew bellenildi.
Şeýle hem öz önümlerimizi eksport etmek işini gowulandyrmak maksady bilen, Dokma senagaty ministrligi we «Türkmenhaly» döwlet birleşigi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň gözegçilik edýän toplumyna berildi.
Degişli resminamalara Türkmenistanyň Prezidenti hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
«Türkmenhaly» döwlet birleşigine Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi hakyndaky Düzgünnamanyň, onuň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny hem-de işgär sanawyny taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Dokma senagaty ministrligi we «Türkmenhaly» döwlet birleşigi Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaga hem-de Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.4k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......