«Muhammet — Balkan» HJ dört welaýatda ýolagçy awtomenzillerini gurar

  • 06.02.2020 21:53
  • 6.7k+

Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň degişli kärhanalary Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýolagçy awtomenzilleriniň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Muhammet — Balkan» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşar.
Muňa ygtyýar berýän degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.
Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň fewral aýynda başlamak we ýolagçy awtomenzillerini 2022-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Gurluşygy amala aşyryljak ýolagçy awtomenzilleri häzirki zaman aragatnaşyk ulgamy, täzeçil tehnologiýalar we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylar. Bu bolsa, awtomenzillerde alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini, ulaglaryň gatnawynyň sazlaşygyny üpjün eder.

şu gün 15:15
843

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.3k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
948

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......