Türkmenistan we «Lukoýl» kompaniýasy hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşýar

  • 05.02.2020 23:28
  • 3.6k+

5-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de «Lukoýl» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bar bolan mümkinçilikleri we olary amala aşyrmagyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermek, nebitgaz çykarýan hem-de gaýtadan işleýän önümçilikleriň kuwwatlyklaryny artdyrmak, gaz we nebithimiýa senagatyny ösdürmek hem-de ýokary tehnologiýaly önümleri öndürmek ýaly esasy ugurlaryna aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň barşynda işewür Gurbanguly Berdimuhamedowy Hazar deňzindäki uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek babatda «Lukoýl» kompaniýasynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Işewüriň belleýşi ýaly, Türkmenistanda maýa goýum ýagdaýy hem-de bu ýerde nebit we gaz ýataklaryny işläp taýýarlamaga, düzümiň gurluşygyna netijeli maýa goýmaga mümkinçilik berýän hukuk binýady döredildi. Şonuň üçin onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy şol ugurlarda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýär.
Döwlet Baştutany russiýaly hyzmatdaşlaryň başlangyçlaryny goldap, taraplarda bar bolan teklipleriň «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri bilen bilelikde öwrenilmegi hem-de seretmäge hödürlenilmegi barada tabşyryk berdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň hem-de «Lukoýl» kompaniýasynyň anyk netijeleri ugur edinýän uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......