Raýatlary harby hasaba almak işleri dowam edýär

  • 05.02.2020 21:14
  • 7k+

Türkmenistanyň harby wekillikleri ýurdumyzyň raýatlaryny ilkinji harby hasaba almak işlerini geçirip başladylar. Bu işiň çäklerinde ýaş ýigitler lukmançylyk barlaglaryndan geçip, çagyryş bölümlerine bellenilýärler. Şeýlelik-de, geljekki harby gulluga çagyryljak adamlaryň sany, olaryň nyzamly gulluga ýaramlylygynyň, beden taýýarlygynyň derejesi kesgitlenilýär. Bu barada «Milli goşun» žurnalynyň saýty habar berýär.
«Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, erkek raýatlary harby hasaba goýmak işi raýatyň 16 ýaşyny doldurmagy bilen başlanýar. Hasaba almak işi ýanwar-mart aýlarynyň aralygynda amala aşyrylýar.
Bu işiň çäklerinde ýaş ýigitler bilen ýekebara gürrüňdeşlikler geçirilýär, olaryň gerekli resminamalary taýýarlanylýar. Eger lukmançylyk barlagynyň çäklerinde bejerişe ýa-da lukmançylyk gözegçiligine mätäçligi bolan çagyryş ýaşyna ýetmedik ýigitler ýüze çykan ýagdaýynda, olara bejeriş-öňüni alyş edaralaryna ýörite ýollanma berilýär.
Çagyryş ýaşyna ýetmedik ýigitlere harby-watançylyk mowzugynda düşürilen gysga göwrümli wideoýazgylar görkezilýär we harby gullugyň artykmaçlyklary barada giňişleýin gürrüňler berilýär.

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.2k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
742

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......