Lukman fitnes-bilezikleriň we «akylly» sagatlaryň peýdasy barada aýtdy

  • 03.02.2020 23:51
  • 3.4k+

Lukman-kardiolog fitnes-bilezikler baradaky giňden ýaýran toslamalaryň delilsizdigini gürrüň berdi.
Olaryň birinjisi – akylly sagatlaryň öz eýesini yzarlaýandygy baradakydyr. Elbetde, olar ýerleşýän ýeriň barada maglumatlary berip bilýärler, ýöne bu funksiýany gurluşda aňsatlyk bilen öçürmek bolýar – diýip, kardiolog belleýär.
Bilermeniň pikiriçe, ulanyjylaryň esasy gorkýan zady – bu gajetiň şöhle goýbermegi. Gajetler bazarda ýaňy-ýakynda ýüze çykdy, şonuň üçin köp adamlar olaryň täsiri heniz gutarnykly öwrenilmedik diýip hasaplaýarlar.
— Döwrebap gajetleriň ummasyz şöhle goýberme häsiýetiniň bardygy baradaky birnäçe toslamalar hereket edýär. Smart-sagatlaryň, trekerleriň we dürli gajetleriň zyýanlydygyny subut edýän barlag ýok. Şöhle goýberýändigi baradaky gürrüňler hem toslama.
Biziň saglygymyza gözegçilik edýän bu ykjam gurluşlaryň peýdasy bolsa aýdyň görnüp dur - diýip, kardiolog belleýär.
«Barlaglar geçirilýär we biz ýakyn wagtda lukmançylyk üçin ýüregiň ritmini, arterial basyşy, ganyň düzüminde şekeriň derejesini ölçemek, şeýle-de ukynyň fazasyny ölçemek meýilnamasynda fitnes-bileziklerden gelýän peýdany göreris. Geýmifikasiýa funksiýasyny eýýämden peýdaly hasap etmek bolýar. Saglyk barada aladanyň «geýmifikasiýalaşdyrylmagy» adama bellenilen on müň ädimi gyzyklanma bilen geçmäge we iýmit rasionyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär» – diýip, hünärmen belleýär.

düýn 23:49
520

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....