«Edebiýat we sungat» gazetine täze baş redaktor bellenildi

  • 02.02.2020 23:06
  • 2.1k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Medeniýet ministrliginiň towakganamasy esasynda «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesinde işlän Ogulmaýsa Allaberdiýewa şol gazetiň baş redaktory wezipesine bellenildi.
Şeýle hem degişli resminama laýyklykda, Haýdarguly Muhammetgulyýew saglyk ýagdaýy sebäpli. «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Medeniýet ministrliginiň towakganamasy esasynda Röwşen Taýyrowiç Hojamow «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

şu gün 16:40
1.1k+

Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasy Täze ýyl kitap sergisini geçirdi

20-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy her ýylky Täze ýyl kitap sergisini geçirdi. Sergi eýýäm üçünji ýyl yzygiderli guraldy. Çäre Wekilhananyň meýdançasynda geçirildi we ýerli jemgyýeti kitap, medeniýet, ekologiýa aňy we baýramçylyk ruhy bilen gurşap aldy...

şu gün 16:30
1k+

«Haýwanlar şäheri 2» ýylyň iň girdejili golliwud relizi boldy

«Haýwanlar şäheri 2» (Зверополис 2) ýylyň iň girdejili golliwud filmi boldy. Disney-iň animasion filminiň dünýädäki kassa ýygymy 150 mln dollar önümçilik býujetinde 1,13 mlrd dollara ýetdi. Ol şeýle netijäni prokata başlandan soň bary-ýogy üç hepdäniň dowamynda gazandy...

şu gün 16:28
861

«Awatar: Ot we kül» filminiň ilkinji uikendde global kassa ýygymy 345 mln dollara ýetdi

Ilkinji uikendiň jemi boýunça «Awatar 3: Ot we kül» filmi amerikan prokatynda 88 mln dollar gazandy, global kassa ýygymy bolsa 345 mln dollara ýetdi. Film ABŞ-da bu görkeziji boýunça öňdebaryjy boldy, ýöne prokata 2022-nji ýylda ilkinji dynç günleri içerki prokatda 134 mln dollar we dünýäde 435 mln dollar ýygnan franşizanyň ikinji bölüminden gowşak başlady diýip, Variety habar berýär...

şu gün 15:49
381

Disney “Gözel we nägehan” ertekisinden täze film döredýär

Disney kompaniýasy “Gözel we nägehan” äleminde bolup geçýän täze doly metražly filminiň üstünde işläp başlady. Bu gezek filmiň baş gahrymany studiýanyň iň meşhur zalymlarynyň biri — öwünjeň Gaston bolar. Bu barada Variety neşiri habar berýär...