«Merkezi Aziýa – Hytaý» gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygy tamamlanyp barýar

  • 31.01.2020 07:22
  • 5.1k+

«Merkezi Aziýa — Hytaý» gaz geçirijisiniň Täjigistanyň çäginden geçýän «D» şahasynyň gurluşygy eýýäm 2020-nji ýylda ulanyşa giriziler, diýip ORIENT habar berýär.
Uzynlygy 996 km barabar bolan gaz geçiriji Türkmenistandan Hytaýa çenli bolar. Onuň täjik böleginiň uzynlygy 400 km-den gowrak. Ýeriň daglyk relýefini nazara alyp, gaz geçirijiniň bu bölegi iň çylşyrymlysy hasaplanylýar. Onuň üçin 9,5 müň gektar ýer bölünip berildi.
Häzirki wagtda bu gaz geçirijiniň Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý ugry boýunça geçýän üç şahasy — «A», «B» we «Ç» şahalary hereket edýär.
Täjigistanyň üsti bilen gaz geçirijini çekmek boýunça hökümetara ylalaşyga 2013-nji ýylda gol çekildi, 10 aý soňra bolsa, CNPC hytaý kompaniýasy bilen «Tajiktransgaz» AGPJ-niň arasynda Trans-Tajik Gas Pipeline Company Ltd. gazgeçirijisini gurmak we ulanmak boýunça bilelikdäki kärhanany döretmek hakynda ylalaşyk baglaşyldy.
Gaz geçirijiniň bu böleginiň gurluşygy 2014-nji ýylyň sentýabrynda başlandy. Gurluşyk işleri doly tamamlanandan soň, Türkmenistandan Hytaýa her ýylda 65 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberilmegine garaşylýar.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......