Türkmenistanda «Türkmen alabaý» merkezi açyldy

  • 31.01.2020 06:11
  • 9.1k+

Ýurdumyzda giňden bellenilen Watan goragçylarynyň gününde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen alabaý» tohumly itleri köpeldiş we kämilleşdiriş merkeziniň täze binalar toplumy açyldy. Bu barada «Milli goşun» elektron žurnaly habar berýär.
Merkeziň açylyş dabarasynyň dowamynda Watanymyza şöhrat getiren alabaýlaryň hem-de olaryň esbaplarynyň görkezme sergisi guraldy. Sergide hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň merdana serhetçilere sowgat beren 7 sany türkmen alabaý itleri hem görkezildi. Olar degişli tälimleri geçip, häzirki wagtda döwlet serhedimiziň goragynda netijeli peýdalanylýar.
Merkeziň gurluşy barada aýdylanda, onuň weterinariýa binasynda alabaý itlerine lukmançylyk hyzmatlary edilse, köpeldiş, uly we ýaş itleriň toplumlarynda, şeýle-de beýleki binalarynda alabaý itleriniň naýbaşy görnüşlerini saklamak, köpeltmek, ýetişdirmek, türgenleşdirmek üçin zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Şeýle-de, binalar toplumynyň düzüminde sport we itler üçin gezim meýdançalary, hojalyk maksatly binalar toplumy, okuw binasy we beýleki maksatly binalar hereket edýär.
Täze toplum serhet gullugynyň gurluşykçylary tarapyndan ata-babalarymyzdan gelýän milli binagärlik ýörelgelerimiz esasynda bina edilipdir. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparynyň görkezen çykyşlary hem täsirli boldy.

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.2k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
764

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......