BMG-niň 2019-njy ýyl üçin adam ösüşi boýunça Bütindünýä hasabaty tanyşdyryldy

  • 30.01.2020 23:27
  • 2.3k+

Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň 2019-njy ýyl üçin adam ösüşi boýunça Bütindünýä hasabaty bilen tanyşdyryldy. Foruma ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda hasabatyň esasy netijeleri, soňky 10 ýylda ýurdumyzyň gazanan ösüşi, şeýle hem durnukly ösüşe ýardam etmekde BMGÖM-niň orny hakynda teswirlemeler bilen tanyşdyryldy.
Bilermenleriň belleýşi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasaty netijesinde Türkmenistany adam ösüşiniň ýokary derejesi tapawutlandyrýar. Ähli amala aşyrylýan giň gerimli döwlet maksatnamalary we durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň durnukly ösmegine, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetmäge gönükdirilendir.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, türkmen Lideri döwleti ösdürmegiň demokratik ýörelgeleriniň yzygiderli berkidilmegine we artdyrylmagyna hemişe üns berýär, şol ýörelgeler kanunyň hökmürowanlygyna hem-de adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine esaslanýar.
EKOSOS-nyň Syýasy Forumynyň çäklerinde geçen ýylyň iýulynda Nýu-Ýorkda tanyşdyrylan Durnukly ösüşiň maksatlary boýunça Türkmenistanyň birinji Meýletin milli syny hem munuň nobatdaky subutnamasy bolup, ol BMG-niň strategiýalaryny ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzyň toplan tejribesini aýdyň görkezdi.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......