«Türkmendemirýollary» ýolagçylara VIP wagon hyzmatlaryny hödürleýär

  • 29.01.2020 23:57
  • 13k+

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi şu ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, VIP görnüşli ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän gatnawlary ýola goýýar. Bu barada «Türkmendemirýollary» habar berýär.
VIP wagonda ýolagçylara agşamlyk nahary, alkogolsyz içgiler, isleglere görä çaý we kofe hyzmatlary berilýär.
Wagonyň kupeleri dört adama niýetlenip, ýolagçylar syýahatyň dowamynda ulanmak üçin bir gezeklik süpürgiçler, şypbyklar, ýapynjalar we beýleki zerurlyklar bilen üpjün edilýär.
VIP wagonlaryň biletleri türkmen demir ýollarynyň resmi saýtynda we demirýol bilet kassalarynda satyşa goýberildi.
Täze ýokary derejeli wagonlar ýurduň ähli welaýatlaryna ugraýan gatnawlara goşulýar.
Täze hyzmat boýunça ýüze çykan soraglaryňyzy gije-gündiziň dowamynda sorag-jogap gullugyndan alyp bilersiňiz.
Telefon belgiler: +993 (12) 383273 | 75 | 76 | 79

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......