«Türkmenhowaýollary» Abu-Dabi we Dubaýa uçuşlary dikeldýär

  • 29.01.2020 22:04
  • 6.7k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy şu ýylyň 2-nji fewralyndan başlap, Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça, 5-nji fewraldan başlap bolsa, Aşgabat – Dubaý – Aşgabat ugry boýunça halkara how gatnawlaryny dikeldýär. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýty habar berýär.
Ýatlatsak, şu ýylyň 10-njy ýanwaryndan raýat awiasiýasynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň ähli howa gatnadyjylary üçin Eýranyň howa giňişliginden uçuşlar wagtlaýyn togtadylypdy.
Belläp geçsek, 8-nji ýanwarda irden «Ukrainanyň halkara howa ýollary» awiakompaniýasynyň «Boing 737» uçary Tähranyň howa menzilinden uçandan soňra heläkçilige uçrady. Awiaheläkçilik netijesinde 176 adam aradan çykdy.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......