«Miras» teleradioýaýlymynyň başlygy täzelendi

  • 29.01.2020 10:45
  • 5.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, Gülnara Muhammedowna Çaryýewa Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi. Dedişli resminama döwlet Baştutany 28-nji ýanwarda geçiren medeniýet ulgamyny hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatynda gol çekdi.
Öň, bu wezipede işlän Baýramdurdyýew Guwanç Ýegenmyradowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, wezipesinden boşadyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Miras» teleradioýaýlymynda dünýä medeniýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşan halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary baradaky gepleşikler ýetmezçilik edýär. Teleýaýlymyň işgärleri öz öňlerinde durýan wezipä sowatly we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmeýärler.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, halkymyz hemişe nesil terbiýesine möhüm ähmiýet beripdir. Şunlukda, olar çaganyň halal zähmetiniň üsti bilen terbiýelenilmegini, oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň özüne mahsus, tebigatyna laýyk gelýän hünärleri saýlap almagyny esasy ugur edinipdirler.
Bu wajyp mesele «Miras» teleradioýaýlymynyň hemişe üns merkezinde bolmalydyr. Onda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan perzent terbiýesi, geçmişde döredilen oňyn ýörelgeler, şol bir wagtyň özünde «Paýhas çeşmesi» atly kitapda beýan edilýän nakyllar we olaryň ähmiýeti barada yzygiderli gepleşikler taýýarlanylmalydyr.

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.2k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
764

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......