Hytaý koronawirusy nebitiň bahalarynyň pese düşmegine getirdi

  • 28.01.2020 20:44
  • 5.9k+

Hytaý koronawirusy «gara altynyň» dünýä boýunça bahalarynyň düýpli aşaklamagyna getirdi. Duşenbe güni geçen söwdalaryň barşynda «Brent» söwda belgili nebitiň bahasy 2019-njy ýylyň 10-njy oktýabryndan bäri ilkinji gezek barreli üçin 58 dollardan aşak düşdi. Aşaklama 4,5% boldy. Şol bir wagtda, baryp birnäçe hepde mundan öň hem onuň bahasy 70 dollar bahalandyrylýardy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy bolsa, 3,34% aşaklap, 52,38 dollara deň boldy. Bu barada ORIENT habar berýär.
Bilermenleriň pikirine görä, maýadarlar koronawirus bilen bagly ýaramazlyklaryň HHR-iň ykdysady ösüşini haýalladyp bilmeginden, netijede bolsa, dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň haýallamagyndan heder edýärler.
Düýpli aşaklamalar nebit çykarýan iri döwletleri oňaýsyz ýagdaýa salýar. Saud Arabystany OPEC-e gatnaşyjylary köşeşdirmäge synanyşdy. Saud Arabystanynyň energetika ministri Abdulaziz ben Salman, ýagdaýlaryň ýaýbaňlanyşyna üns bilen syn edýändigini, emma häzirki wagtda ýokanjyň dünýä boýunça energiýa serişdelerine bolan islege ujypsyz täsir edýändigini belledi.
Mundan başga-da, Braziliýa hem uglewodorodlar bazaryna goşmaça zyýanyny ýetirdi. Ol diňe bir OPEC-iň hataryna girmekden ýüz öwürmek bilen çäklenmän, eýsem, nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek hakyndaky ylalaşyga hem goşulmakdan ýüz öwürdi. Bu barada ýurduň energetika we dagmagdan senagaty ministri Benito Alberke aýtdy. Galyberse-de, Braziliýanyň maksady düýbünden başga — ol nebitiň we gazyň önümçilik möçberlerini artdyrmak we energiýa serişdelerini eksport edijileriň dünýä boýunça bäşligine girmek.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......