Türkmenistan 2019-njy ýylda Owganystana ECO-93 benzininiň 36,7 müň tonnasyny iberdi

  • 28.01.2020 20:22
  • 4.5k+

Geçen ýylda Türkmenistan goňşy Owganystana ECO-93 sintetik benzininiň 36,7 müň tonnadan gowragyny iberdi. Türkmen tebigy gazyndan öndürilen ekologik taýdan arassa ýangyç geçen ýylyň iýunynda Ahal welaýatynda işe girizilen täze zawodda öndürilýär. Bu barada «Golos SNG» onlaýn-radiosy habar berýär.
Zawodyň direktorynyň orunbasary Kadyr Ataýewiň belleýşi ýaly: «Euro-5 ekologiýa standartlaryna laýyk gelýän ECO-93 benzini eksport isleginden peýdalanýar».
Belläp geçsek, işe girizilen döwründen bäri geçen ýarym ýylda gazhimiýa toplumy 63,1 müň tonna sintetik benzini eksporta iberdi. Eksport möçberiniň 60%-ni owgan sarp edijileri satyn aldylar. ECO-93 benzininiň 7 müň tonnasy Ýewropa ýurtlaryna iberildi.
Owganystan şeýle hem Ahal welaýatyndaky gazhimiýa toplumynda öndürilen 10,3 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz we 370 tonna kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasyny import etdi.
Belläp geçsek, zawod 2019-njy ýylda içerki bazara 7,6 müň tonna ECO-93 benzinini we 2,5 müň tonna kükürtsizlendirilen dizel ýangyjyny iberdi.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......