Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler

  • 28.01.2020 15:56
  • 6.6k+

2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçiriler. Bu möhüm çärä görülýän taýýarlyk barada wise-premýer G.Myradow hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan tassyklanan meýilnamadan ugur almak bilen, ilat ýazuwyny geçirmegiň we onuň jemlerini jemlemegiň usullaryny öwrenmek hem-de ilat ýazuwyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek, onuň netijelerini işläp taýýarlamak üçin programma üpjünçiligini, zerur enjamlary satyn almak we bäsleşik geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň durmuş-ykdysady häsiýetnamalar we beýleki ähmiýetli ýagdaýlar bilen utgaşyklykda ilatyň sany, ýaş toparlary, düzümi hakynda doly we dogry maglumatlaryň möhüm çeşmesi bolup durýandygyny belledi. Alnan statistiki maglumatlar türkmen döwletini we jemgyýetini mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň pudaklaýyn hem-de toplumlaýyn maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat eder.
Şonuň bilen birlikde, 2022-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän ilat ýazuwy Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2015-nji ýylda kabul eden Kararnamasynyň maksatlary bilen kybap gelýär. Bu bolsa Bitarap Watanymyzyň BMG we onuň iri düzümleri bilen strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.
Belläp geçsek, Türkmenistanda ilaty ýazuwy soňky gezek 2012-nji ýylda, ondan öň bolsa, 1995-nji ýylda geçirilipdi.

düýn 23:37
470

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

düýn 22:09
2.1k+

Hindistan Holi baýramyny belleýär: Reňk festiwaly millionlarça adamy özüne çekdi (Foto)

2026-njy ýylyň mart aýynyň başynda Hindistan we dünýädäki induist jemgyýetleri ýazyň gelmegini hem-de ýagşylygyň ýamanlykdan üstün çykmagyny alamatlandyrýan iň şagalaňly we ähmiýetli baýramlaryň biri hasaplanýan Holi baýramyny belleýär...

düýn 20:44
479

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ikinji sany okyjylara gowuşdy. Neşiriň bu sany türkmen bedewiniň waspyna...

düýn 19:24
2.4k+

2040-njy ýyla çenli dünýäde semizligi bolan çagalaryň sany 227 milliona ýetip biler

  2040-njy ýyla çenli dünýäde semizligi bolan çagalaryň we ýetginjekleriň sany 227 milliona ýetip biler. Bu çaklama Bütindünýä semizlik federasiýasynyň (WOF) täze hasabatynda beýan edilýär. Hasabat her ýylyň 4-nji martynda bellenilýän Bütindünýä semizlige garşy göreş güni bilen baglylykda hödürlendi...